icon

LINIÝALY MEHANIKI GÖZENEK

Gözenek çybyklaryny gorizontal ugurda liniýaly hereket bilen daşardan darap arassalaýan enjamdyr.

icon

DEŞIK PERLI GÖZENEK

Gözenek, çarhly zynjyr ulgamyna birleşdirilen tükeniksiz aýlanşykda işleýän deşik perlerden ybaratdyr. Deşikleriň diametri dürli ölçeglerde bolup bilşi ýaly, köplenç d5 ýada d6 mm ölçegde öndürilýär.

icon

KOMPAKT GÖZENEK

Arassalaýyş desgalarynda inçe gözenekden geçirmek üçin ulanylýan Deşik Perli Mehaniki Gözenege alternatiwa hökmünde işläp taýýarlanan Kompakt Gözenek bilen 6 mm-den uly bölejikleriň desgadan aýrylmagy üpjün edilýär.

icon

TEGELEK MEHANIKI GÖZENEK

Tegelek şekilli gözenek, çybyklarynyň ýüzüni aýlaw hereketli dyrmyk bilen daşardan tämizleýän enjamdyr. Esasan gözenek, dyrmyk ulgamy, hereketlendiriji reduktor topary we dyrmyk arassalaýyş bölüminden ybaratdyr.

icon

MIKRO DISK SÜZGÜÇ

Lagym suw we agyz suwy arassalaýyş desgalarynyň çykyşlarynda suwuň hilini artdyrmak üçin ulanylýan Mikro disk süzgüçler arkaly 10 mikrondan uly bölejikleriň saklanmagy üpjün edilýär.

icon

GÖZENEK PRES

Gözenekler tarapyndan saklanan galyndylar özlerinde ýokary derejede suw saklaýar we göwrüm gatnaşygynda köp ýer tutýarlar.

icon

GUM AÝYRYJY

Gum saklaýjylar gum we gum ýaly inorganiki maddalaryň süzülmeginde ulanylýar. Bu maddalaryň köpüsi tebigatda korroziw häsiýetdedir, nasos we beýleki enjamlaryň galtaşýan ýüzleriniň korroziýasyny çaltlandyrýarlar. Gum aýyryjy ulgamdan bu maddalary aýryp ýok etmegi üpjün edýär.

icon

GUM SAKLAÝJY HEREKET EDÝÄN KÖPRI

Gum saklaýjylarda, lagym suwda bar bolan we desgadaky nasos we beýleki mehaniki böleklere zeper ýetirip biljek gum we şoňa meňzeş dykyzlykdaky material bilen bilelikde, turbalarda dykylmagy meýdana getirip biljek maddalar saklanýar.

icon

AÝLANÝAN TIGIRÇEKLI ELEK

Aýlanýan diskli elekler 150-200 mikron aralykdaky ähli gaty galyndylaryň lagym suwdan aýrylmagy maksady bilen ulanylýar. 10 m3/sag – 285 m3/sag arasynda üýtgeýän kuwwatlylykda öndürilip bilnerler.

icon

ÝOKARY TIZLIKLI GARYŞDYRYJY

1000 litr göwrüme çenli himiki madda taýýarlama we beýleki prosesleriň iş rezerwuarlarynda ulanmak üçindir.

icon

TAMBUR ELEK

Tambur elek, daşardan akyp gelen lagym suwyň içindäki gaty maddalaryň elegiň daşynda tutulmagy prinsipine görä işleýär. 1 mm-e çenli bolan ähli gaty maddalaryň lagym suwdan aýrylmagy üpjün ediler.

icon

ÇALT GARYŞDYRYJY

Suw we lagym suw arassalaýyş desgalarynda çalt garyşdyrma zerur bolan himiki proseslerde ulanylýan çalt garyşdyryjylar, doly garyşma üpjün edilmegi üçin howzyň geometriýa şekline, suwuklygyň akyjylygyna, himikatyň ereýijiligine baglylykda taslama edilýär.

icon

HAÝAL GARYŞDYRYJYLAR

Agyz suw we lagym suw arassalaýyş desgalarynda haýal garyşdyrma zerur bolan himiki proseslerde ulanylýan haýal garyşdyryjylar, doly garyşdyrma üpjün edilmegi üçin howzyň geometriki şekline, üýşmek ýada çökündiniň gurluşyna baglylykda taslama edilýär.

icon

AERATOR

Ýokary netijelikde kislorod geçişini üpjün eder ýaly taslama edilen aeratorlar, hereketlendiriji we reduktordan ybarat bolan herekete getirme bölümi, korpus, ok we wentilýatordan ybarat mehaniki gurluşa eýedir.

icon

AÝLANÝAN KÖPRÜLI SYPYRYJY

Aýlanýan köprüli sypyryjy diametri 6-48 metre çenli bolan tegelek çökdürme howuzlary üçin öndürilýär. Göteriji merkez ýatak, köpri, sypyryjy gollary, sypyryjy perler we herekete getiriji topardan ybarat.

icon

DURNUKLY KÖPRÜLI SYPYRYJY

Durnukly köprüli sypyryjy diametri 10 metre çenli bolan tegelek we düýbi egimli çökdürme howuzlary üçin öndüriler. Howzyň üstündäki demirbeton ýa-da polatdan ýasalan durnukly köprä gurnalyp işledilýär. Çöken düýp palçygy, perler ýardamy bilen merkeze tarap ugrukdyrylyp palçyk konusyna geçirilýär.

icon

DYKYZLAŞDYRYJY

Lagym suw we agyz suwy arassalaýyş desgalarynyň çykyşlarynda suwuň hilini artdyrmak üçin ulanylýan Mikro disk süzgüçler arkaly 10 mikrondan uly bölejikleriň saklanmagy üpjün edilýär.

icon

AWTOMATIKI POLIELEKTROLIT TAÝÝARLAÝYŞ DESGASY

Awtomatiki poli taýýarlaýyş desgalary, arassalaýyş desgalaryň palçygyň suwyny çekme bölümlerinde ulanylýan polielektrolitiň awtomatiki görnüşde taýýarlanmagy üçin ulanylýan enjamdyr.

icon

SPIRALLI KONWEÝER

Spiralli konweýerler arassalaýyş desgalarynda gözenekleriň galyndylaryny ýa-da suwy çekilen palçyklary ýok edilýän ýerlerine daşamak üçin ulanylýan enjamlardyr.

icon

LENTALY KONWEÝERLER

Lentaly konweýerler arassalaýyş desgalarynda gözenekleriň galyndylaryny ýa-da suwy çekilen palçyklary ýok edilýän ýerlerine daşamak üçin ulanylýan enjamlardyr.

icon

BASYŞLY SÜZGÜÇLER (Gum/Aktiw Uglerod Süzgüçler, Ion Çalşyryjylar)

Aktiw uglerod süzgüçler, suwdaky organiki maddany we erkin hlory tutyp, suwy tagam, ys we reňk tarapdan gowulaşdyrýarlar. Bu ulgamda süzgüç materialy hökmünde aktiw uglerod, dolduryjy material hökmünde hem çagyl ulanylýar.

icon

DAF (Erän Howa Flotasiýa Ulgamda Dörän Mikro Balonjyklar)

DAF ulgamy, lagym suwyň içindäki senagat/haýwan ýaglaryň we bölejikleriň aýrylmagynda ulanylýar. Ulgamda döredilen mikro balonjyklar bu maddalaryň ýüzlerine ýapyşýar. Bu mikro balonjyklaryň ýüzdürme täsiri bilen, bölejik we howa gabarçaklary topbaklary köpük formasyny alýar we soňra sypyrylyp tämizlenýän ýüze tarap ýüzýärler.

icon

SÜRGI

Kanallardaky suwyň akyşy sürgiler bilen gözegçilik edilýär. Gurnama ýerine görä kanal we diwar görnüşinde iki tapawutly görnüşde öndürilmektedir.

icon

TELESKOPIKI WENTIL

eleskopiki wentil suwyň akyşyna gözegçilik edýän enjamlardan biridir.Arassalaýyş desgalarynyň palçyk alyş gurluşlarynda, çüň kanallarda ulanylýarlar.

icon

LAGYM SUW/AGYZ SUW TAÝYN NASOS STANSIÝALARY

Taýyn nasos stansiýalary ähli mätäçlikleriňiz üçin ýörite taslama edilen, ozaldan gurnamaly stansiýalary üçin zerur bolan her bir enjamy özünde saklaýar. Çökme we rezerwuar düýbünde palçyk üýşmegi bolmazlygy, işläp düzülen geometriýa, iň pes düýp meýdany we öz-özüni arassalama häsiýetleri netijesindedir.

icon

GATY GALYNDY TEHNOLOGIÝALARY

Gaty galyndy ýygnama, geçirme, ammarda saklama desgalarynda ulanylýan dykyzlaşdyrma, kesme, kipleme, magnitli aýyryjy, ugrukdyrma, elek ýaly önümçilikler öndüriler.

icon

TOPLUMLAÝYN ARASSALAÝYŞ

Hojalyk lagym suwlaryň biýologiki usul bilen arassalanmagy maksady bilen 50-600 adama görä taslama edilen kompakt arassalaýyş desgasydyr. Kesgitlenen ilat sanyna görä standart ýagdaýa getirilen howalandyrma, çökdürme, palçyk durnuklylaşdyrma howuzy we işlediş kabinasyndan ybaratdyr.

icon

YS AÝYRYJY DESGASY

Ys aýyryjy ulgamlary lagym suw arassalaýyş desgalaryndan esasan hem gözenek we gum saklaýjy bölümleri we palçyk dykyzlaşdyrma/ýok etme bölümleri esasy bolmak bilen, ähli senagatdaky önümçilik proseslerinden ýüze çykýan yslaryň azaldylmagy ýa-da dolulygyna giderilmegi maksady bilen gurlan ulgamlardyr..

icon

BAR BOLAN ARASSALAÝYŞ ULGAMLARYNY ULANMA, IDEG, HYZMAT, ABATLAÝYŞ, ÄTIÝAÇLYK ŞAÝY ÜPJÜNÇILIGI

Türkmenistanyň hemme ýerinde işjeňlik görkezýän arassalaýyş desgalarynda bar bolan önümçilikler we degişli ideg hyzmatlary, bozulmalara garşy kesgitleme we abatlaýyş, zerur bolanda enjamyň ätiýaçlyk şaýlarynyň çalşylmagy hyzmatlary, seh içinde ýerine ýetirilip bilner.

icon

BARLAGHANA BÖLÜMI

Sehiň edara binasynyň içinde agyz suwy we lagym suw arassalaýyş desgalary üçin geçirilmegi zerur bolan barlaghana analizleri üçin himiki barlaghanasy we biýologiki barlaghanasy otaglary bardyr.

loader